AÖB Türkmenistan üçin täze hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp düzýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB Türkmenistan üçin täze hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp düzýär
Aziýanyň Ösüş Bankynyň merkezi edarasy, Manilia, Filippinler (Surat: www.flickr.com)

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanyň hususy pudagynyň, adam kapitalynyň ösüşine we howanyň üýtgemegine gönükdirilen täze strategiýany işläp düzýär. Bu barada AÖB-niň wise-prezidenti Şisin Çeniň aýdanlaryna salgylanyp, Aziýanyň Ösüş Banky resmi web sahypasynda anna güni habar berdi.

AÖB-niň wise-prezidenti Şisin Çen bäş günlük saparynyň dowamynda AÖB-niň dolandyryjysy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow, wise-premýerler Baýmyrat Annamämmedow we Hojamyrat Geldimyradow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, şeýle hem beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Bankyň 2024-2028-nji ýyllar üçin Ýurt hyzmatdaşlygy strategiýasy kiçi we orta kärhanalara we startaplara, döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, sanly tehnologiýalara, gün energiýasyny ösdürmäge we suw pudagyny goldamaga gönükdiriler.

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanyň 2000-nji ýylda agza bolany bäri ýurda takmynan 635 million ABŞ dollaryny bölüp berdi. Bu maliýe serişdeleri ýurduň energiýa we ulag infrastrukturasyny ýokarlandyrmak üçin ulanyldy.

AÖB-niň wise-prezidenti Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda 1100 kilometre uzaýan hem-de 110 kW, 220 kW we 500 kW barabar bolan elektrik geçiriji liniýalarynyň gurulmagyny üpjün edýän milli elektrik toruny güýçlendirmek, şeýle hem bäş welaýatyň dördüsinde dört sany täze we üç sany bar bolan podstansiýalary giňeldilmek taslamalarynyň alnyp barylyşy bilen tanyşdy. Bu ýurduň elektrik geçirijisiniň ygtybarlylygyny we netijeliligini ýokarlandyrar hem-de elektrik energiýasynyň eksportyna ýardam berer.

Mundan başga-da, wise-prezident demir ýol arkaly Aşgabatdan Duşak stansiýasyna baryp, demir ýol pudagynyň wekilleri bilen duşuşdy we stansiýanyň dolandyryş nokadyny synlady. AÖB Türkmenistanda demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda esasy demirýol geçelgesiniň, ýagny 170 kilometre uzaýan Aşgabat-Duşak bölegini goşmak bilen, ýolagçy we ýük otlularynyň tizligini ýokarlandyrjak taslamany göz öňünde tutýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022