Barlagçylar söwda obýektine geleninden soň, şol obýekte degişli bolan söwda işiniň subýektiniň wekiline gulluk şahadatnamasyny görkezip, özleri bilen barlagy geçirmegiň esaslary bilen tanyşdyrýarlar.
Barlagçylaryň aşakdakylara hukugy ýokdur:
- barlanylýan söwda obýektiniň işgäriniň bolmadyk halatynda barlagy geçirmäge;
- synaglary geçirmek üçin önümleriň nusgalaryny bellenilen görnüşde we mukdarda resmileşdirmezden hem-de bellenilen kadalardan ýokary mukdarda saýlap almaga;
- barlag bilen baglanyşykly resminamalaryň asyl nusgalaryny gaýtaryp bermek şerti bilen almaga;
- barlamagyň netijesinde özlerine mälim bolan kanun tarapyndan goralýan döwlet we gaýry syrlary aýan etmäge.
Barlag geçirilende, söwda işiniň subýektleriniň aşakdakylara hukugy bardyr:
- barlagy söwda işiniň obýektiniň işgäriniň, zerur bolan mahalynda, gyzyklanmaýan şahslaryň şaýat hökmünde gatnaşmagynda geçirmäge;
- barlagyň dowamynda onuň geçirilişi barada maglumatlary almaga;
- barlagyň netijeleri bilen tanyşmak, olar bilen ylalaşmak ýa-da ylalaşmazlyk barada hem-de barlagçylaryň hereketleri hakynda barlagçylar tarapyndan düzülen teswirnamada bellik etmäge;
- barlagçylaryň hereketlerine administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat etmäge.
Barlag geçirilende, söwda işiniň subýektleri aşakdakylara borçludyrlar:
- barlagda ýüze çykýan meseleler boýunça barlagçylara ýazmaça ýa-da dilden düşündiriş bermäge;
- talap edilýän resminamalary ýa-da maglumatlary barlagçylara olaryň talaby boýunça bökdençsiz bermäge;
- barlagçylary päsgelçiliksiz söwda obýektine salmaga.
Barlagyň geçirilişine päsgel berýän söwda işiniň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
Gulluga ýüz tutan adamyň şahsyýetini anyklamak mümkin bolmadyk halatynda, ýagny familiýasy, ady we ýaşaýan ýeriniň salgysy, goly görkezilmedik ýüztutmalar barlag geçirmek üçin esas bolup bilmez.
Söwda işiniň subýektleri barlagçylary aşakdaky maglumatlar bilen üpjün etmelidir:
- ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň (işleriň) sanawy we görnüşi;
- hyzmatlaryň (işleriň) ýerine ýetirilişiniň möhleti;
- ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň (işleriň) sanawy boýunça, şeýle hem ulanylýan çig mallaryň, şaýsepleriň we furniturasynyň bahalary (nusgalarda görkezilenleriň), töleginiň tertibi we görnüşi barada maglumatlary;
- ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň (işleriň) bildirilýän talaplara laýyk gelýändigi barada resminama — laýyklyk sertifikaty we onuň möhleti (hyzmatlaryň aýratyn görnüşlerine);
- sargydy ýerine ýetirmek üçin ulanylýan çig mallaryň laýyklyk sertifikaty;
- bellenilen görnüşde töleg haty;
- pulhana abzalynyň we töleg terminalynyň bellige alyş şahadatnamasy;
- ygtyýarnamanyň asyl nusgasy (bar bolan mahalynda);
- bellikler we teklipler kitaby.
Durmuş hyzmatlary üçin töleg tölän wagty sarp edijä (buýruja) “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen görnüşdäki harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminama berilmelidir.
Eger-de harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamada bolmaly maglumatlar doly görkezilmeýän bolsa bu ýerine ýetirijini şertnama baglaşmagyndan (töleg hatyny bermeginden) boşatmaýar.
Çeşme: Kuwwat Çaryýew hukukçy.
“Rysgal” gazetiniň 3-nji iýunda çap edilen sany