Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagyny tassyklady
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi uzynlygy 7,200 kilometre barabar bolan multimodal ugrydyr. (Surat: e-cis.info)

Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagyny tassyklady. Bu barada TASS agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin degişli buýruga gol çekdi. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligine bolsa bu karar barada Eýrana habar bermek tabşyryldy.

Tatarystanyň Kazan şäherinde 18-19-nji maý aralygynda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagy bilen bagly işler alnyp barylýandygyny habar beripdi.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi uzynlygy 7,200 kilometre barabar bolan multimodal ugrydyr. Bu alternatiw ulag geçelgesi Ýewropany, Pars aýlagynyň ýurtlaryny we Hindi ummanyny Müsürde ýerleşýän Sues kanaly arkaly birleşdirýär.

2022