Türkmenistan bilen Azerbaýjan Merkezi Aziýa-Ýewropa ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Merkezi Aziýa-Ýewropa ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmen wekiliýetiniň Baku halkara deňiz söwda portunyň wekilleri bilen duşuşygy, 14-nji iýul, Baku, Azerbaýjan (Surat: Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy)

Türkmen wekiliýeti özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary ýokarlandyrmak maksady bilen anna güni Baku halkara deňiz söwda portuna bardy. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ulag, logistika, söwda we beýleki ugurlar boýunça döwlet we hususy pudaklara wekilçilik edýän ýolbaşçylar girdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekilleri üstaşyr infrastrukturany giňeltmek, goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemek we täze görnüşli ýükleriň çekilmegini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Baku portunyň tehniki mümkinçilikleri, onda alnyp barylýan işler ýwe meýilleşdirilen infrastruktura taslamalary, şeýle hem daşalýan ýükleriň mukdary, port bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara portlar hem-de logistika kompaniýalar barada maglumat aldylar.

Baku halkara deňiz söwda porty Azerbaýjanyň iri deňiz söwda porty bolup, ol Aliat şäherinde Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda ýerleşýär. Bu port Azerbaýjany Ýewropanyň beýleki ýurtlary bilen baglanyşdyrýan ulag infrastrukturasynda möhüm bölek bolup çykyş edýär.

2022