Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 35 sany täze hünär girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 35 sany täze hünär girizildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň on sany ýokary okuw mekdeplerine täze hünärleriň 35-si girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, girizilen täze hünärleriň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen maglumatlara görä, şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplar okuwa kabul ediler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw maksatnamasyna şu ýyl täze taýýarlyk ugurlarynyň birbada 6-sy girizilip, bu ýerde taýýarlygyň buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, maliýe, önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy, işewürlik-informatika ugurlary boýunça bakalawr, maliýe menejmenti, işewürlik-dolandyryş ýaly ugurlardan bolsa magistr maksatnamalary esasynda talyplar taýýarlanyp başlanar.

Şeýle hem dalaşgärler Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze girizilen demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda öz resminamalaryny tabşyryp bilerler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti taýýarlygyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), Türkmen oba hojalyk instituty bolsa oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplyga kabul eder. Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýeti ugry, Türkmen döwlet maliýe institutynda bolsa telekeçilik we maliýe ugry girizildi.

Mundan başga-da, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna iki sany hünärmen, ýedi sany bakalawr maksatnamalary esasynda 9 sany hünär girizildi.

2022