Katar we Türkmenistan işewürlik geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Katar we Türkmenistan işewürlik geňeşini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow (çepde) bilen Kataryň söwda palatasynyň geňeşiniň agzasy Mohamed bin Ahmed Al Obaidlynyň (sagda) arasynda geçirilen duşuşyk, Doha, Katar (Surat: “Peninsula” gazeti)

Kataryň söwda palatasynyň geňeşiniň agzasy Mohamed bin Ahmed Al Obaidly iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen katar-türkmen işewürlik geňeşini döretmegi teklip etdi. Bu barada “Peninsula” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Mohamed bin Ahmed Al Obaidly bu teklibi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Doha şäherinde geçirilen duşuşykda hödürledi. Duşuşygyň barşynda Katar bilen Türkmenistanyň kompaniýalarynyň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Kataryň söwda palatasynyň geňeşiniň agzasy katar-türkmen işewürlik geňeşiniň iki ýurduň maýa goýum ýagdaýyny we onuň mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy öz gezeginde Kataryň işewürlerini Türkmenistanyň oba hojalyk önümleri, nebit, gaz, energiýa, nebithimaýa ýaly beýleki pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri barada öwrenmäge çagyrdy. Şeýle-de Mergen Gurdow ýurda maýa goýmak isleýän Kataryň maýadarlaryna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022