Lebapdaky oba hassahanasynda täze synag gün energiýa ulgamy gurnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapdaky oba hassahanasynda täze synag gün energiýa ulgamy gurnaldy
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän Pelwert oba hassahanasynda gurnalan täze synag gün energiýa ulgamy (Surat: ÝUNISEF Türkmenistan)

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän Pelwert oba hassahanasynda täze synag gün energiýa ulgamy gurnaldy. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) metbugat gullugy habar berdi.

Bu ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiren innowasiýa taslamasynyň bir bölegi bolup, ol ýurtda gün energiýasy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji saglygy goraýyş edarasydyr.

Täze ulgam hassahanadaky ähli lukmançylyk we lukmançylyk däl enjamlaryň işlemegi üçin arassa elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün eder. Bu bolsa hassahana tebigy hadysalar wagtynda päsgelçiliksiz lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, ÝUNISEF howanyň üýtgemegi bilen bagly global şertnamalara laýyklykda howanyň şertlerine çydamly we ekologiýa taýdan arassa saglygy goraýyş edaralaryny gurmak üçin giňişleýin strategiýany işläp düzdi. Gün energiýasy boýunça tehnologiýalary ulanmaklyk saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary pudagynyň pes uglerodly we howanyň durnukly ösüşine geçmekde çözgütleriň biri bolup durýar.

Gün energiýasy Türkmenistan ýaly gün şöhlesi köp bolan ýurtlarda üznüksiz, durnukly, ygtybarly we arassa elektrik üpjünçiligi üçin iň oňat çözgütleriň biridir.

ÝUNISEF Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda iş alyp barýan halkara guramadyr. ÝUNISEF 1946-njy ýylda BMG tarapyndan döredilen Halkara Çagalar Gaznasynyň işini dowam etdirýän gurama bolup durýar.

2022