Merkezi Aziýanyň Maglumat merkezi bazary $179,7 milliona ýeter

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň Maglumat merkezi bazary $179,7 milliona ýeter
“Microsoft” kompaniýasynyň Şwesiýadaky durnukly maglumat merkezi (Surat: mspoweruser.com)

Merkezi Aziýanyň maglumat merkezi bazary 2022–2028-nji ýyllar aralygynda ortaça ýyllyk 18,47 göterim ösüp, 2028-nji ýylda 179,7 million ABŞ dollaryna ýeter. Bu barada “Arizton” kompaniýasynyň (giňişleýin bazar gözleg hasabatlaryny, maslahat hyzmatlaryny berýän innowasiýa kompaniýasy) soňky gözleg hasabatyna salgylanyp, “Bloomberg” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Erkin söwda zolaklary ykdysady ösüşi ýokarlandyryp biljek maýadarlary çekmek üçin salgyt ýeňilliklerini we beýleki höweslendirmeleri hödürleýär. Bulut esasly hyzmatlaryň we uly maglumatlaryň ornaşdyrylmagy Merkezi Aziýadaky maglumat merkezleriniň desgalaryna bolan islegi güýçlendirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri sanly ykdysadyýetiň we senagatyň ösüşini goldaýan başlangyçlara maýa goýýarlar. Bu başlangyçlar sebitiň ösüşini ýokarlandyrjak “akylly” şäher taslamalaryny öz içine alýar.

Maglumat merkezi bazary serwerleri, ammar ulgamlaryny we tor infrastrukturasyny goşmak bilen IT infrastrukturasyny gurmak we goldamak üçin ähli enjam çykdajylaryny öz içine alýar. Merkezi Aziýanyň maglumat merkezi bazarynyň umumy mukdary 2022-nji ýylda 65 million ABŞ dollaryna deň boldy.

"Türkmentelekom" Elektrik aragatnaşyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap täze hyzmaty, ýagny fiziki serweri tölegli esasda ulanyşa bermek hyzmatyny ýola goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022