Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleri dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny güýçlendirýärler. Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidde şäherinde 19-njy iýulda geçirilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitinde syýasy we strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ýaşyl energiýany ösdürmekde hyzmatdaşlygyň, maýa goýum mümkinçiliklerini goldamagyň we söwda alyş-çalşygyny ýokarlandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlary birnäçe başlangyçlary öňe sürdüler:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň arasynda söwda palatasyny döretmegi, Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi, iki sebitiň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän Maslahatyny döretmegi, şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanda birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aýlagdaky arap döwletlerini Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna we taslama kuwwaty 1860 MWt bolan “Kambar-Ata-1” gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy hem-de iki sebitde wizasyz giriş-çykyşy ýola goýmagy hödürledi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda iki sebitiň oba hojalygy ministrleriniň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmegi, özara söwdada harytlaryň görnüşini artdyrmagy, Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) döwletleriniň esasy energiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi we özara söwdanyň gerimini ýokarlandyrmagy teklip etdi.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew işewür wekillerini öz içine alýan maýa goýujylaryň bilelikdäki geňeşini döretmek pikirini öňe sürdi we onuň ilkinji duşuşygyny Samarkantda geçirmegi hödürledi.
Sammitiň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon “Merkezi Aziýa – Aýlag ýurtlary” formatynyň çäginde ýöriteleşdirilen maýa goýum we ösüş goldaw gaznasyny döretmek teklibi bilen çykyş etdi.
Şeýlelikde, Merkezi Aziýa ýurtlary we Aýlagdaky arap döwletleri ykdysady hyzmatdaşlygyň we sebitleriň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ösmegine goşant goşýan gatnaşyklary dürli ugurlarda berkitmegi dowam edýärler.