Türkmenistanda ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalar giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalar giriziler
Türkmenistanyň raýatlarynyň bankomatdan pensiýa haklaryny alýan pursady

Türkmenistanda ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary girizmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de bu şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti durmuş üpjünçiligi ulgamyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär diýip nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary 10 göterim ýokarlandyrylar.

2022