Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gaznanyň hasabyna operasiýa geçirilen çagalar “Awaza” ugradylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gaznanyň hasabyna operasiýa geçirilen çagalar “Awaza” ugradylar
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky "Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýa geçirilen çagalar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga we dikeldiş bejergilerini dowam etmäge ugradylar. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewanyň “Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda habar berilýär.

Operasiýa geçirilen çagalar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky "Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alarlar we dikeldiş bejergilerini dowam etdirerler.

Makalada bellenilişi ýaly, ýakynda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopedik operasiýa üstünlikli ýerine ýetirildi. Şeýle hem gaznanyň hasabyna ýakynda dogabitdi ýürek kemisligi bolan alty sany çaga, dogabitdi daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän iki çaga ortopedik, hem-de dogabitdi merkezi nerw ulgamynyň keseli bolan çaga neýrohirurgik operasiýalar geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dürli sebäplere görä ene-atadan jyda düşen çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäçlere ýardam bermek boýunça işleri amala aşyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022