Türkmen telekeçileri adatdan daşary ýagdaýlar boýunça wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri adatdan daşary ýagdaýlar boýunça wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň geçiren wagyz-nesihat duşuşygy, 2023-nji ýylyň 26-njy iýuly, Aşgabat

Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çarşenbe güni ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň çäklerinde raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleri adatdan daşary ýagdaýlarda goranmak we olaryň öňüni almak boýunça düşündiriş işlerini geçdiler.

Şeýle hem hünärmenler howanyň aşa gyzmagy, ýer titremesi, ýangyn döremegi we beýleki ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hem-de usullary barada gürrüň berdiler.

Duşuşygy guraýjylar şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin görülýän öňüni alyş çäreleri barada-da pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi ýurduň bilim edaralarynda, Saglygy goraýyş gullugynda, şeýle hem welaýat we Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň hünärmenleri bilen yzgiderli gysga möhletli okuw sapaklaryny geçirýärler. Mundan başga-da, çagalaryň arasynda “Ýaş halasgär” atly bäsleşikler geçirilýär.

2022