Astanada Owganystan boýunça “C5+1” formatyndaky ýörite mejlis geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astanada Owganystan boýunça “C5+1” formatyndaky ýörite mejlis geçirildi
Owganystan boýunça “C5+1” formatyndaky ýörite mejlis, 27-28-nji iýul, Astana, Gazagystan (Surat: Tomas Westiň "Twitter" sahypasy)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas West we ABŞ-nyň owgan zenanlary, gyzlary we adam hukuklary boýunça ýörite wekili Rina Amiri Owganystan boýunça “C5+1” formatyndaky ýörite mejlise gatnaşmak üçin Gazagystanyň Astana şäherine bardylar. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Kaýrat Umarow ABŞ-nyň ýörite wekili Tomas Westi kabul etdi we gazak diplomaty Gazagystanyň Owganystana ynsanperwer kömegi bermek boýunça halkara tagallalary goldaýandygyny nygtady. Şeýle hem duşuşykda Kaýrat Umarow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Almatyda Merkezi Aziýa bilen Owganystanyň arasynda durmuş-ykdysady, söwda we maýa goýum ösüşine ýardam berjek BMG-nyň Durnukly ösüş merkezini döretmek baradaky başlangyjyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň (Gazagystandaky türkmen ilçisi Batyr Rejepow), Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň wekilleri Gazagystanyň Daşary işler ministrliginde ynsanperwer kömegini bermegiň, adam hukuklaryny goramagyň we Owganystan bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Howpsuzlyk, adam hukuklary, ykdysadyýet we ynsanperwer zerurlyklar ýaly möhüm meseleler boýunça manyly pikir alyşmalar üçin “C5+1” formatyndaky ýörite mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas West özüniň “Twitter” sahypasynda belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habar bermegine görä, ABŞ-nyň wekilleri şu hepde Kataryň Doha şäherinde Owganystanyň resmileri bilen hem gepleşikleri geçirerler.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ tarapyndan söwda, ykdysady we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary ösdürmek maksady bilen 2015-nji ýylda döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022