Wengriýa bilen Özbegistan Daşkent şäheriniň golaýynda ýörite ykdysady zolagy döreder diýip, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto penşenbe güni Budapeşt şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça wenger-özbek hökümetara komitetiniň duşuşygyndan soň mälim etdi. Bu barada “Budapest Times” gazeti habar berdi.
Özbegistanyň maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow bilen geçirilen bilelikde metbugat ýygnagynda Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri dörediljek ýörite ykdysady zolagynyň Wengriýa bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto wenger kompaniýalarynyň derman, oba hojalygy we azyk senagaty pudaklaryndaky taslamalary bilen özbek bazaryna girmäge taýýarlyk görýändiklerini belledi. Şeýle hem Peter Siýýarto ýakyn wagtda Wengriýanyň Merkezi Aziýadaky maýa goýumlaryny goldamak üçin maýa gaznasynyň dörediljekdigini hem mälim etdi.
Mundan başga-da, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Merkezi Aziýanyň "täze geosyýasy we global ykdysady şertlerinde" uly ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen duşenbe güni Budapeşt şäherinde geçirilen bilelikde metbugat ýygnagynda Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen söwda hyzmatdaşlygynda Merkezi Aziýanyň möhüm ornuna ünsi çekdi we ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary has hem berkitmäge çagyrdy.