“Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimligine ýurduň paýtagtynda 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Bu resminama Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni merkezi 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi ulanylmaga berler.