Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän hind guşçulyk toplumynda häzirki wagtda täze tapgyra taýýarlyk görülip, bu ýerde ýyllyk kuwwaty 560 müň hind towugynyň jüýjesini çykarmaga ukyply inkubator taýýarlanylýar. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
“Topluma degişli hind towuklary idedilýän ýataklar, iým taýýarlaýyş bölümi, inkubator, hind towugynyň etinden dürli önümler taýýarlanýan bölümler we beýlekiler bolup, şu günler täze tapgyra taýýarlyk görýäris, has dogrusy, 14 müňden gowrak hind towugynyň ýumurtgasyndan etlik ugurly idedilýän jüýjeleri almak maksady bilen, inkubatorymyzy taýýarlaýarys” diýip, hind guşçulyk toplumynyň iş dolandyryjysy Maksat Ibragimow aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, inkubatordan çykan jüýjeler degişli hünärmenleriň gözegçiliginde kadaly ýylylyk, ýagtylyk derejeleri saklanyp, iýmitlendirilýär we talabalaýyk ideg edilende hind towugynyň jüýjeleriniň mäkiýany 90 günde, horazlary bolsa 130 günde önümçilige goýbermäge ýaramly bolýar.
Maksat Ibragimowyň gürrüň bermegine görä, ýetişen mäkiýanlardan 9-11 kilogram aralygynda, horazlaryndan bolsa 18-21 kilograma çenli agramda et almak mümkin bolup, hind towugynyň eti aýratyn ýokumlylygy, berhizlik üçin oňaýlylygy bilen tapawutlanýar.
Häzirki wagtda hind guşçulyk toplumynyň önümler taýýarlanylýan bölümlerinde hind towuklarynyň etinden “Maksada okgunly” haryt nyşany bilen şöhlat önümleri (şöhlatlaryň gaýnadylan, ýarym kakadylan, çig kakadylan görnüşleri), ýarymtaýýar önümler (somsa, manty, börek, şeýle-de kotlet), del önümler we beýlekiler öndürilýär.