Balkanabat şäherinde 26 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanabat şäherinde 26 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar
Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasyndan bir pursat, 2022-nji ýylyň sentýabr aýy, Türkmenistan

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Nebitçi-1” ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gündogar tarapynda (Galkynyş köçesiniň ugrunda) 26 sany dört gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Bu maksat bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimligi “Nebitçi-1” ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gündogar tarapynda ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Balkan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler degişli resminamalary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, jemagat hojalyk işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilerler.

“Balkan” gazetinde çap edilen bäsleşige görä, bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilen gününden soňra, 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjalarda kabul edilýär.

2022