Lebap welaýatyna 62 sany täze “John Deere” tehnikasy gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatyna 62 sany täze “John Deere” tehnikasy gelip gowuşdy
Güýzlük bugdaý ekişi, 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabry, Türkmenistan

Türkmenistanyň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşigine täze “John Deere” 6195M kysymly ekerançylyk traktorlarynyň 62-si gelip gowuşdy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň gündogar sebitiniň oba hojalyk toplumynda dünýäniň öňdebaryjy “Case”, “John Deere”, “Claas” kompaniýalarynyň we Minsk traktor zawodynyň tehnikalary giňden ulanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu oba hojalyk tehnikalary ýokary öndürijilikli we tygşytly bolup, meýdan işleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýär.

Şeýle hem habarda täze oba hojalyk tehniklarynyň gelip gowuşmagy, häzirki wagtda bugdaý ekişine taýýarlyk görýän daýhanlar üçin uly goldawyň bolandygy aýdylýar.

Bulardan başga-da, Lebap welaýatynyň suw hojalygy edaralarynyň işgärlerine duşenbe güni traktorlar bilen bir hatarda 30-dan gowrak buldozerler we ekskawatorlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň gündogar we beýleki sebitlerindäki tehnoparklaryň üstüniň doldurylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy ösdürmäge gönükdirlen syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar.

2022