Gazagystan eksport üçin niýetlenilen azyk önümlerini Aýlag ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Pakistanyň, Hindistanyň we Gündogar Afrikanyň bazarlaryna daşamak üçin iň gysga we göni ugry ösdürmek boýunça iş alyp barýar. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Geçen hepde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangarin bilen “AD Ports Group” kompaniýasynyň düzümine girýän “Simatech Shipping & Forwarding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dawud Taftiniň arasynda geçirilen duşuşykda bu ugruň döredilmegi boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Bu başlangyjyň çäginde deňiz söwdasy we logistika boýunça dünýäde öňdebaryjy “AD Ports Group” kompaniýasynyň düzümine girýän “Abu Dhabi Ports” kompaniýasy bilen bilelikde kärhana döretmek meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň esasy maksady Gazagystanyň Kuryk portundan Eýranyň Amirabad we Bandar Abbas portlarynyň üsti bilen täze ugur arkaly Aýlag ýurtlaryna oba hojalyk harytlaryny daşamak bolup durýar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu täze ugur Gazagystanyň eksportçylaryna Eýranyň Amirabad, Bandar Abbas, Bandar Homeýni, Çabahar portlaryna, şeýle hem BAE-niň Halifa we Fudjeýra portlaryna girmäge mümkinçilik döreder.
Soňra oba hojalyk harytlary Hindistanyň, Pakistanyň, Uzak Gündogaryň we Afrikanyň gündogar kenarynyň portlaryna eltilip bilner. Şeýle hem şol bir wagtyň özünde Ýewropa ýurtlaryna haryt daşamak mümkinçiligi aradan aýrylmaýar.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda taraplar Hazar deňziniň üsti bilen Eýrana, soňra bolsa üstaşyr Aýlag ýurtlaryna ýükleri daşamagyň mümkin bolan ugurlaryny garadylar.
Bu başlangyç üçin Gazagystanyň Kuryk we BAE-niň Halifa portlary esasy port bolup çykyş ederler we bu portlaryň ikisi hem zerur infrastruktura we tehniki enjamlar bilen üpjün ediler. Umuman Gazagystanyň eksportçylary 2-3 günüň dowamynda Eýranyň çäginden geçip bilerler diýip, habarda bellenilýär.
“Kazinform” agentliginiň habar bermegine görä, Gazagystan ýükleriň Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana üstaşyr daşalmagy boýunça 30 göterim arzanladyş barada ylalaşyk gazandy.