Türkmen-özbek serhedinde syýahatçylyk boýunça maglumat merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek serhedinde syýahatçylyk boýunça maglumat merkezi açyldy
Daşkent Halkara howa menzilinde ilkinji syýahatçylyk boýunça maglumat merkeziniň açylyşy, 2019-nji ýylyň 12-nji marty, Özbegistan (Surat: kun.uz)

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki “Şawat-Daşoguz” gümrük nokadynda türkmen syýahatçylaryna Özbegistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada maglumat bermek maksady bilen syýahatçylyk boýunça maglumat merkezi açyldy. Bu barada Özbegistanyň syýahatçylyk-ulag birleşigi geçen hepdäniň penşenbe güni habar berdi.

Syýahatçylyk boýunça maglumat merkezi syýahatçylar üçin wiza tertipleri, medeni ýerler, dynç alyş we sport çäreleri, syýahatçylyk ýerleri boýunça maglumatlary bermek hyzmatlaryny we ulag kärendesi, naharhana, ýaşaýyş jaýy, lukmançylyk kömegi, syýahatçylyk operatorlarynyň we ýolbeletleriniň hyzmatlaryny, şeýle hem "E-myhman" ulgamynda hasaba durmak boýunça kömek hyzmatyny hödürleýär diýip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem bu merkez walýuta alyş-çalşygy, ulaglar we dürli medeni çäreler üçin petekleri öňünden bronlamak ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Mundan başga-da, internete girmegi üpjün etmek, telefon belgileri satmak, ykjam aragatnaşyk boýunça tölegleri we syýahatçylyk boýunça ýygymlary tölemek maglumat merkeziniň wezipelerine girýär.

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän türkmen-özbek serhetýaka zolagyndaky Söwda merkeziniň gurluşygy 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlanar we 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip berler.

2022