Aşgabat “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisinde öz ornuny beýan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisinde öz ornuny beýan etdi
“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmeniniň iş alyp barýan pursady

Türkmenistan ençeme ýyllaryň dowamynda netijeli hereket edýän iri energetika taslamalarynyň gatnaşyjysy hökmünde ýurduň geljekde kanuny bähbitlerine täsir edip biljek gaz birleşiklerini döretmek babatda öz ornuny beýan etdi. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň TDH-a beren beýanatynda aýdylýar.

“Hakykatdan-da şu ýylyň 11-nji awgustynda birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda “üçtaraplaýyn gaz birleşigi” babatda beýan eden habaryny ýaýratdylar. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa “gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini” aradan aýyrmaýar hem-de “muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini” bilýär” diýip, Myrat Arçaýewiň TDH-a beren beýanatynda bellenilýär.

Myrat Arçaýewiň aýtmagyna görä, Dmitriý Biriçewskiniň aýdanlary azyndan birnäçe sowaly ýüze çykarýar. Haýsy “giňeltmek mümkinçilikleri” barada gürrüň barýar, haýsy “beýleki döwletler” oňa gyzyklanma bildirýär we umuman gaz ulgamyndaky “üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň” aňyrsynda nämeler durýar? Rus diplomatynyň sözleri bu sowallaryň hiç birine anyk jogap bermeýär. Bu meselede bolsa doly anyklyk we aýdyňlyk zerurdyr, çünki şunda beýleki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem bähbitleri bardyr.

Beýanata görä, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan hem-de Hytaý Merkezi Aziýadan Hytaýa tebigy gazy anyk ylalaşylan möçberlerde, möhletlerde, ykdysady we tehniki görkezijilere laýyklykda ibermek boýunça uzak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýärler.

Häzirki wagtda “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisiniň üç şahasy hereket edýär. Olar boýunça Türkmenistanyň gündogar we günorta-gündogar ýataklaryndan tebigy gaz iberilýär. Häzirki günde bu turbageçiriji boýunça iň iri gaz iberijisi Türkmenistan bolup durýar. Iberilýän gazyň ylalaşylan ýylda 55 milliard kub metr möçberiniň 40 milliard kub metrini Türkmenistan iberýär, galan möçberi bolsa Özbegistan hem-de Gazagystan tarapyndan üpjün edilýär diýlip, habarda aýdylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, turbageçirijini doldurmak üçin beýleki ýurtlardan gaz çeşmeleri göz öňünde tutulan däldir we “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek meýilleşdirilmeýär.

Türkmenistanyň hytaý we özbek we gazak hyzmatdaşlarynyň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi we olaryň hem ýerine ýetirjekdiklerine kanuny esasda bil baglaýandygy barada beýanatda nygtalýar.

“Şeýle hem bar bolan infrastrukturany ulanmak arkaly tebigy gazyň iberilmeginiň ylalaşylan we resmileşdirilen möçberleriniň hem-de ugurlarynyň islendik üýtgedilmegi ähli gatnaşyjylar bilen hökman deslapky ylalaşylmagyny talap edýär. Bu babatda Türkmenistan bilen hiç hili geňeşmeler geçirilmedi. Şeýle çemeleşme türkmen tarapy üçin düşnüksiz we kabul ederliksizdir hem-de ýurdumyz tarapyndan halkara hukugynyň kadalaryna we gaz ulgamyndaky iş tejribesine laýyk gelmeýär diýlip garalýar” diýip habarda bellenilýär.

Beýanatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna jogapkärçilikli çemeleşýän döwlet hökmünde, Türkmenistanyň, halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek ýaly, möhüm ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň açyk we aýdyň ölçegler, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we ony hasaba almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek ýörelgeler esasynda ýola goýulmalydygyndan ugur alýandygy nygtalýar. Şeýle hem “daşary ykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp durmagy bu ýörelgeleri üýtgetmek üçin sebäp bolup bilmez” diýlip habarda aýdylýar.

2022