Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparynda, 2023-nji ýylyň 17-nji awgusty

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy we ýurduň paýtagtynyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de Aşgabat şäherini ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň ähli çäginiň we ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna, ekologiýa hem-de arassaçylyk ýagdaýyna zerur üns berilmelidigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň dowamynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, birnäçe bellikleri etdi we bu künjegiň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň agşamlaryna ýokary derejede ýagtylandyrylmalydygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda, ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobilleriň hyzmaty ýola goýulsa, maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda Aşgabat şäher häkimligine ýurduň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça Russiýanyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

2022