Jo Baýden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen sammit geçirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Jo Baýden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen sammit geçirmegi meýilleşdirýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden (Surat: AFP)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Jo Baýdeniň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberen hatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “C5+1” formatyndaky sammitiň meýilleşdirilýändigi aýdylýar. Hatda bellenilişi ýaly, sammit şu ýylyň 19-njy ýa-da 20-nji sentýabrynda meýilleşdirilip, ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde Nýu-Ýork şäherinde geçiriler. Bu barada “Uzdaily” internet neşiri anna güni habar berdi.

“Umumy howpsuzlyk, ykdysady we daşky gurşaw maksatlarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin 19-njy ýa-da 20-nji sentýabrda “C5+1” formatynda geçiriljek sammite siziň we beýleki liderleriň gatnaşmagyna umyt edýärin” diýip, ABŞ-nyň Prezidentiniň özbek kärdeşine ugradan hatynda bellenilýär.

Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň arasynda 28-nji fewralda Gazagystanyň paýtagty Astanada “C5+1” formatda geçirilen duşuşykda azyk howpsuzlygy we energiýa boýunça hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşyldy.

“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

2022