Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň Täjigistandaky gurluşygyna maýa goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň Täjigistandaky gurluşygyna maýa goýar
Türkmenistandan Hytaýa tebigy gaz geçirijisiniň gurluşygy (Surat: dw.com)

Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali sişenbe güni Pekinde Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň başlygynyň orunbasary He Lifen bilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Täjigistanyň Milli habar agentligi "Howar" habar berdi.

Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali 22-23-nji awgustda Hytaýda resmi saparda boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Rustam Emomali we He Lifen Täjigistanyň energiýa pudagynyň ösüşine Hytaýyň maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmegiň, şeýle hem Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Hytaý gaz import edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan tebigy gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk 2022-nji ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzajak D şahasy Türkmenistandaky “Galkynyş” gaz känini özleşdirilmegiň ikinji tapgyrynyň çäginde Hytaýa ýylda goşmaça 25 milliard kub metr tebigy gazy ibermek üçin niýetlenendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022