Türkmenistan we Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri tizleşdirmak barada ylalaşdylar. Bu barada Pakistanyň Energiýa ministrliginiň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.
Bu ylalaşyk Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň wagtlaýyn federal energiýa ministri Muhammad Aliniň arasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda gazanyldy.
Pakistanyň wagtlaýyn federal energiýa ministri TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň Pakistanyň barha artýan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem Muhammad Ali bu taslama boýunça öňegidişligiň bardygyny we geljekde oňyn netijeleriň gazanyljakdygyny aýdyp, oktýabr aýynda özara ylalaşyk esasynda ýurdun hökümeti bilen ylalaşygyň baglaşylmagyna garaşylýandygyny belledi.
Mundan başga-da, ministr bu taslamany tizleşdirmek üçin Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirijisi boýunça taslamasynyň iş toparynyň ýygy-ýygydan duşuşyklary geçiriljekdigini aýtdy.
TOPH gaz geçirijisi Türkmenistany Owganystanyň üsti bilen Pakistan we Hindistan bilen birleşdirer we dünýäniň ikinji uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Fazilka şäherine 1800 kilometra uzaýan bu gaz geçiriji arkaly her ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazyň daşalmagyna garaşylýar.