Türkmenistanyň Prezidenti TDBGI-niň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti TDBGI-niň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmen Devlet Mimarlık ve İnşaat Enstitüsü bina kompleksinin temel atma töreni, 1 Eylül 2023, Aşkabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli anna güni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyň Hökümetiniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy. 

Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň hem-de Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bilim işgärlerini, ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany 1-nji sentýabrda baýramçylyk mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini we birnäçe okuw mekdepleriniň täze binalarynyň düýbiniň tutuljakdygyny aýtdy.

2022