Özbegistan bilen Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan bilen Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrmagy meýilleşdirýär
Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerewiň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabry, Daşkent (Surat: UzDaily)

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow sişenbe güni Daşkentde Russiýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Özbegistan-Türkmenistan- Hazar deňzi-Russiýa multimodal ugry boýunça ýurtlaryň arasynda eksport-import ýükleriniň daşamalaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Uzdaily” internet neşiriniň habar bermegine görä, taraplar ulag we logistika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, halkara ýol ulaglary arkaly daşamalar üçin rugsatnamalaryň sanyny köpeltmek, iki ýurduň şäherleriniň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny ýokarlandyrmak we Daşkent bilen Günorta Sahalinskiň arasynda täze ugur açmak meselelerine garaldy.

Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow şu ýylyň 11-nji sentýabrnda Tähran şäherinde Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargami bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Aziz Abdulhakimow wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegi teklip etdi.

2022