“Maersk” Gruziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän intermodal hyzmaty ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Maersk” Gruziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän intermodal hyzmaty ýola goýdy
Dünýäniň iň uly "MV Maersk Mc-Kinney Moller" konteýner gämisi (Surat: Reuters)

Deňiz arkaly ýük daşama we port terminal hyzmatlary bilen meşgullanýan Daniýanyň “Maersk” kompaniýasy Gruziýanyň “Poti” portuny Gazagystan hem-de Özbegistan bilen Orta geçelge arkaly birleşdirýän täze intermodal hyzmaty ýola goýdy. Bu hyzmat her hepde amala aşyrylar we sebitiň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem hereket edip biler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Gruziýanyň “Poti” porty “Maersk” kompaniýasynyň ABŞ-nyň, Ýewropa, Ortaýer deňzi we Uzak Gündogar ýurtlarynyň bazarlaryny birleşdirýän täze hyzmatynyň durmuşa geçirilmeginde esasy orny eýelär. Bu sebitlerden gelip gowuşýan ýükler “Poti” portunda jemlener we demir ýol arkaly Azerbaýjanyň “Baku” portuna getiriler. Ýükler bu ýerden bolsa Hazar deňziniň üsti bilen Gazagystanyň “Aktau” portuna iberiler.

Gazagystandan bolsa ýükler demirýol arkaly Almaty, Astana we Daşkent şäherlerine iberiler. Şeýle hem bu Türkmenistan, Täjigistan we Gyrgyz Respublikasy ýaly goňşy ýurtlar bilen demir ýol aragatnaşygyny has hem giňeltmäge mümkinçilik döreder.

“Maersk” kompaniýasy 13-nji sentýabrda özüniň bioýangyçda işleýän ilkinji gämisi bilen tanyşdyrdy. Bu gämide suwuk ýangyç bilen bir hatarda, metanol ýangyjyny hem ulanmak mümkinçiligi bardyr. “Maersk” kompaniýasynyň habaryna görä, gämi metanol ýangyjy bilen işledilende bir günüň dowamyda adaty dizel ýangyjyny ulanylandakydan 100 tonna kömürturşy gazyny az çykarýar. Bu gämi 14-nji sentýabrda Kopengagen sebitinde deňze ilkinji syýahatyny üstünlikli amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022