Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş edýän pursady, 19-njy sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: BMG)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Kenarýaka ýurtlary tarapyndan köpýyllyk tutanýerli we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama – Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany geçen ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda geçirilen Altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologiýa meselesi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygynyň tassyklanandyny we munuň bolsa, kenarýaka döwletleriniň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýandygyny aýtdy.

“Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmek barada teklip girizýär. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformasy bolmaga niýetlenendir” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmekligi hem teklip etdi.

“Bu Merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Biz bu Merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe gününiň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy sammitine gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022