Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy çagyrmagy teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy çagyrmagy teklip edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş edýän pursady, 19-njy sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: BMG)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy.

BMG-niň Baş Asssambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy hem teklip etdi.

Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini we onuň birinji Maslahatyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet Baştutany BMG-niň Baş Asssambleýasynyň 78-nji sessiýasynda “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmegi teklip etdi.

2022