“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň “Al-Feýha” toparyny ýeňdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň “Al-Feýha” toparyny ýeňdi
Türkmenistanyň "Ahal” futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Feýha” toparynyň arasynda geçirilen futbol ýaryşy, 19-njy sentýabr, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: AFK)

AFK-nyň Çempionlar ligasynda Türkmenistanyň çempiony “Ahal” futbol topary Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Feýha” toparyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk 19-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde geçirildi.

Duşuşykdaky ýeketäk goly 51-nji minutda Ahalyň ýarymgoraçysy Elman Tagaýew geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra “Ahal” “A” toparçasynda 3 utuk bilen 2-nji orunda barýar. Bu toparçada BAE-niň “Al-Aýn” topary birinji orunda (3 utuk), Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Feýha” topary 3-nji orynda we Özbegistanyň “Pahtakor” topary bolsa 4-nji orunda barýarlar.

“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynyň günbatar zolagynda çykyş edýär. Bu zolakda jemi 20 sany topar 5 toparçada bäsleşýärler. Her toparçadan birinji ýeri eýelän 5 sany topar we ikinji ýeri eýelän iň gowy 3 sany topar indiki tapgyra çykarlar. Bu sekiz futbol topary indiki tapgyrda özara güýç synanşarlar.

K.Ronaldo, Neýmar, Benzema, Mane we başgada birnäçe dünýä belli oýunçylar bu ýyl ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynda oýnaýarlar. Olar hem günbatar zolakdaky toparlaryň düzüminde çykyş edýärler.

“Ahal” indiki duşuşygyny 3-nji oktýabrda myhmançylykda BAE-niň “Al-Aýn” topary bilen geçirer.

2022