Türkmenistanyň raýatlygyna 1301 adam kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň raýatlygyna 1301 adam kabul edildi
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabry

Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 1 müň 301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde mälim edilişine görä, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar 32 milletiň wekilleridir. Ýaşamak üçin ygtyýarnama berlen adamlar hem dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýar.

2022-nji ýylda raýatlygy bolmadyk 1530 adam, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

2022