USAID bilen ÝB lebaply senetçilere dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID bilen ÝB lebaply senetçilere dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berýär
“Lebap HME” maksatnamasynyň jemleýji tapgyryna geçen on sany senetçi, 30-njy sentýabr, Aşgabat (ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş guramasynyň (USAID) we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýetiniň gurnamagynda hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň goldaw bermeginde şu ýylyň 30-njy sentýabrynda Aşgabatda “Lebap Handmade Exports” (Lebap HME) maksatnamasynyň jemleýji çäresi geçirildi. Bu çäränin dowamynda Türkmenistanyň ussat senetçileriniň önümleriniň sergisi, şeýle hem maksatnamanyň jemleýji tapgyryna geçen on sany ussat senetçileriň arasynda bäsleşik geçirildi. Olar emin agzalaryna täze iş taslamalaryny, önümlerini we gazanan üstünliklerini hödürlediler.

“Lebap HME” maksatnamasy senetçilik önümleriniň bazarlaryny artdyrmak we halkara satuwlary ýokarlandyrmak üçin türkmen senetçileriniň önümlerini “eBay” onlaýn söwda platformasynda we beýleki halkara söwda platformalarynda ýerleşdirmegi maksat edinýär. “Lebap HME” maksatnamasynyň 20 sany gatnaşyjysy alty aýyň dowamynda önümiň dizaýny, sosial media marketingi, mahabat bildirişlerini ýazmak, surata düşürmek we sanly marketing ýaly ugurlar boýunça bilim aldylar. Mundan başga-da, bu maksatnama türkmen senetçilikleri üçin esasy bazar bolan ABŞ-nyň onlaýn dükanlary we täze işewür hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikleri döretdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda maksatnamanyň üç gatnaşyjysyna guramaçylaryň we hemaýatkärleriň adyndan baýraklar gowşuryldy. “Hünarli” onlaýn söwda meýdançanyň esaslandyryjysy Maýsa Öwezowa öz biznesiniň täsirli ösüşi we maksatnama gatnaşan döwründe gazanan üstünlikleri sebäpli birinji ýeri eýeledi. Maýsa Öwezowa 2023-nji ýylyň maý aýyndan sentýabr aýyna çenli satuwyň ýokary ösüş depginini görkezdi we jemi 47 müň 700 manada deň bolan 40 sany önüm satdy.

“Lebap HME” maksatnamasy 2023-nji ýylyň aprel aýynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde işe başladyldy. Bu maksatnama USAID-iň telekeçiligi we işewürlik jemgyýetini ösdürmek taslamasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň goldawy bilen amala aşyryldy. Mundan başga-da, bu maksatnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary tarapyndan uly goldaw berildi. 

2022