Türkmen telekeçisi kakadylan käşir önümlerini Russiýa eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi kakadylan käşir önümlerini Russiýa eksport edýär
Käşir hasyly (Surat: The Telegraph)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Balkan Annamyradowyň önümçilik kärhanasynda taýýarlanylýan kakadylan käşir önümleri Russiýa eksport edilýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Telekeçi Balkan Annamyradowa döwlet tarapyndan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndan 30 gektar we Ahal welaýatynyň çäginden 10 gektar ýer bölegi bölünip berilip, bu ýer böleginde zähmet çekýän ençeme işçi-hünärmenler tapgyrlaýyn esasda käşiri ösdürip ýetişdirýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, ösdürilip ýetişdirilýän bu käşirler tagamlylygy we suwlulygy bilen tapawutlanyp, olar telekeçiniň önümçilik kärhanasynyň esasy çig maly bolup durýarlar.

Bu kärhanada Italiýanyň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligi ýokary depginde alyp barmaga we her aýda ortaça 40 tonnadan gowrak taýýar önüm almaga mümkinçilik berýär.

2022