Türkmenistan Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Ynsanperwerlik kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda Owganystana iberildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma hem-de azyk önümlerinden ybaratdyr.
Owganystanyň Hyrat welaýatynda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda ýertitreme bolup geçdi. Türkiýäniň “TRT Haber” teleýaýlymynyň Owganystanyň Hökümetine salgylanyp berýän habaryna görä, Hyratda bolup geçen ýertitreme zerarly 2500-e golaý adam wepat boldy we müňlerçe adam ýaralandy.
ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugynyň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň demirgazygynda we demirgazyk-günbatarynda 6,3 we 5 bala deň bolan iki sany ýertitreme bolup geçdi.