Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tagtabazar etrabyndaky “Maldar” hojalygynyň maldarlary 2023-nji ýylyň owlak-guzy möwsüminde 93 müň 925 sany sagdyn owlak-guzy aldylar.
Şu ýylyň möwsümindäki owlak-guzylar 194 müň 515 sany baş maldan alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýaş mallaryň hasabyna hem täze dowar sürüleriniň onlarçasy döredildi. Olar öňden bar bolan sürüler bilen bilelikde Pendi ýaýlasynyň ot-çöpe baý öri meýdanlarynda bakylýar.
Şeýle hem bu ýerde gyş döwri üçin niýetlenen 7 müň 651 tonna ýokumly ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlanyldy.