Türkmenistan bilen Türkiýe özara söwdany $5 milliarda ýetirmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Türkiýe özara söwdany $5 milliarda ýetirmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinentiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabry, “Külliýe” köşki, Ankara, Türkiýe (Surat: AA)

Türkmenistan we Türkiýe iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýärler. Bu barda çarşenbe güni Ankara şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinentiniň Başlygynyň söwda toplumyna, dokma senagatyna, telekeçilik düzümine gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň we Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Türkiýäniň Anadoly agentliginiň habar bermegine görä, duşuşykda söwdanyň ösmegine ýardam edýän salgytlaryň azaldylmagy, uzakmöhletleýin wiza hyzmatlarynyň hödürlenmegi we ýeňilleşdirilmegi ýaly çäreleriň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň öňde goýlan maksada ýetmekde ähmiýetlidigi nygtaldy. Şeýle hem iki ýurduň arasynda ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tagallalara ýokary baha berildi.

Jewdet Ýylmaz maýa goýumlary özara giňeltmek we goramak hakynda ylalaşygy baglaşmak işiniň çaltlandyrylmagynyň zerurlygyny, şeýle hem Hökümetara türkmen-türk ykdysady toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Ol şeýle hem Ankarada geçiriljek Türkmen-türk işewürlik forumynyň işewürler we maýadarlar üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçiligiň boljakdygyny belledi.

Türkiýäniň wise-prezidenti türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ösüşine hususan-da, şertnamalary baglaşmak babatda 30 ýyldan gowrakdan bäri üstünlikli goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ol şeýle hem Türkiýäniň “akylly” şäher we beýleki ulgamlarda gazanan bilimleriniň we tejribeleriniň geljekde Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň Hazar sebitindäki dostluk giňişligine aýratyn ähmiýet berýändigini we bu ugurdaky işlere gatnaşyp biljekdigini nygtady. Şeýle hem, türkmen tebigy gazynyň Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazarlaryna ibermek mümkinçiligini peýdalanmagyň we energetika pudagynda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Türkiýäniň statistika institutynyň (TurkStat) mglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,9 göterim ýokarydyr.

2022