Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi
Russiýa - Hazar deňzi - Türkmenistan -Özbegistan - Gyrgyzystan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2023-nji ýylyň 1-nji noýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: kun.uz)

Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa döwletleri Russiýa - Hazar deňzi - Türkmenistan -Özbegistan - Gyrgyzystan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi. 

Degişli Ähtnama çarşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Ulag maslahatynda gol çekildi. Resminama Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow, Rusisýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew we Gyrgyzystanyň ulag-kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýew gol çekdiler. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda Astrahan şäherinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň wekilleri täze halkara multimodal ulag geçelgesini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Başlangyç nokady Gyrgyzystandan başlanjak multimodal ulag geçelgesi Özbegistanyň, Türkmenistanyň çägi, soňra Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýa uzar. 

Duşuşykda türkmen tarapy özüniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýeňillikli hyzmatlary hödürlemäge we Astrahan - Türkmenbaşy ugry boýunça ýük daşalyşyny artdyrmak üçin gämigurluşyk zawodyny çekmäge taýýardygyny mälim etdi. 

Türkmenistan we Russiýanyň Astrahan oblasty geçen ýyl Olýa deňiz portunda Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak barada ylalaşdylar. Häzirki wagtda portuň gurluşygynyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.

2022