Türkmenistan Yraga ýylda 9 milliard kub metr tebigy gaz iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Yraga ýylda 9 milliard kub metr tebigy gaz iberer
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yragyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň arasında Teswirnama gol çekmek dabarasy, 2023-nji ýylyň 8-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Aşgabada resmi sapar bilen gelen Yragyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen duşuşdy. Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri Yraga iberiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, tebigy gaz “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler. Mundan başga-da, gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Ziad Ali Fadel Iragyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistan we Yrak tebigy gazy Yragyň elektrik stansiýalaryna ibermekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

2022