Noýabr II hepde: TDHÇMB-da $29,4 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr II hepde: TDHÇMB-da $29,4 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da geçirilýän söwdalardan bir pursat

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 29 million 492 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

BAE-niň, Türkiýäniň, Irlandiýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine dokma önümleri, aşgarlanmadyk we jins matasy, nah ýüplük, regenerirlenen pagta süýümi ýerlenildi.

Türkmen işewürleri içerki bazar üçin Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen we jemi bahasy 22 million 514 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, el halylaryny, dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, aşgarlanmadyk matany satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022