Aziýa Ösüş banky (AÖB) “Türkmenistanda “ýaşyl” ösüşi goldamak üçin gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda utgaşdyrylan çözgütler” atly taslamany durmuşa geçirmekde tehniki hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.
“Trend” habarlar gullugynyň anna güni habar bermegine görä, bu taslama ýurduň ekologiýa durnuklylygyny goldamagy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga geçmekde mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.
Gün energetikasyny ornaşdyrmak, şol sanda Arkadag “akylly” we “ýaşyl” şäheri ýaly şäherler üçin innowasion çözgütleri döretmek boýunça ýol kartasyny işläp taýýarlamak möhüm ugurlaryň biri bolar.
Taslama tehniki-ykdysady binýatly işleri geçirmegi we şäherler ýerlerinde synag görnüşde Gün elektrik stansiýasyny işe girizmegi öz içine alýar. Çaklamalara görä, stansiýa her ýyl gaýtadan dikeldilýän energiýanyň 4 GBt sagadyny öndürer. Munuň özi zyňyndy gazlaryny 3 müň tonnadan gowrak möçberde azaltmaga mümkinçilik berer.
“Gün energetikasynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we täze mümkinçilikleri açmaga, şol sanda Merkezi Aziýadan Ýewropa “ýaşyl” energetika geçelgesini döretmäge mümkinçilik berer” diýip, bankyň wekilleri belleýärler.
Taslama döwlet we hususy düzümleriň hünärmenlerini hem-de ýerli halk köpçüligini okatmagy göz öňünde tutýar. Bu gaýtadan dikeldilýän energetikanyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny we hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün eder.
2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilýän bu başlangyç şäherlerde, şeýle hem oba ýerlerinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmekde möhüm ädim bolar. Taslama şeýle hem energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetiň uglerod ýygylygyny peseltmäge gönükdirilen tagallalaryň üstüni ýetirer.
Bu taslama Türkmenistanyň ekologiýa durnuklylyga we energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga ymtylýandygyny nygtaýar.