Türkmenistan: Hazar deňziniň portlaryny ulanyp ýük daşamak ulgamyny döretmek zerur

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan: Hazar deňziniň portlaryny ulanyp ýük daşamak ulgamyny döretmek zerur
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew SPEKA-nyň direktorlar geňeşiniň 18-nji mejlisinde, 23-nji noýabr, Baku, Azerbaýjan. (Surat: Trend)

Hazar deňziniň portlaryny ulanyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýük daşamak üçin häzirki zaman, multimodal aragatnaşyk ulgamyny döretmek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew SPEKA-nyň direktorlar geňeşiniň 18-nji mejlisinde aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary öz çykyşynyň dowamynda söwda we üstaşyr amallaryny ýönekeýleşdirmekde sanlylaşdyrmagyň ornuna, şeýle hem SPEKA ýurtlary bilen halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, Begmyrat Allakbaýew 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary häzirki wagtda SPEKA ýurtlarynyň arasynda, esasan hem ikitaraplaýyn esasda, daşalýan harytlar barada maglumat alyşmak barada ylalaşygyň bardygyny we onuň hem öz gezeginde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirýändigini nygtady.

Şeýle hem Begmyrat Allakbaýew bu ugurda Azerbaýjan we Özbegistan bilen gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny, Gazagystan, Täjigistan hem-de Gyrgyzystan bilen özara gatnaşyklar üçin hem zerur hukuk esaslaryň bardygyny we onuň bilen bagly häzirki wagtda degişli gepleşikleriň geçirilýändigini belläp geçdi.

1998-nji ýylda döredilen SPEKA agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna goldaw bermegi maksat edinýär. Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan bu Maksatnama agza döwletlerdir.

 

2022