Lebaply daýhanlar 12,6 müň tonnadan gowrak ýeralma hasylyny aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply daýhanlar 12,6 müň tonnadan gowrak ýeralma hasylyny aldylar
Ekin meýdanynda ýeralma hasyly ýygnalýar, Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň ussat daýhanlary şu ýyl 900 gektar ýere ekilen güýzlük ýeralmadan 12 müň 680 tonnadan gowrak hasyl aldylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, gündogar sebitiň daýhanlary şu ýyl 475 gektar ýere ekilen käşirden 8 müň 563 tonna hasyl alyp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler.

Şeýle hem welaýatda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýeralmanyň 4 müň 200, käşiriň hem 5 müň 310 tonnasyny taýýarlan Çärjew etrabynyň, ýeralmanyň we käşiriň degişlilikde 3 müň 500 we 2 müň 340 tonnasyny taýýarlan Saýat etrabynyň, 4 müň 200 tonna ýeralmany Döwlet ammaryna tabşyran Dänew etrabynyň, 1 müň 260 tonna ýeralmanyň we 540 tonna käşiriň ýokary hilli hasylyny öndüren Halaç etrabynyň daýhanlary uly goşant goşdular.

Habarda bellenilişi ýaly, taýýarlanan önümleriň ýeterlik mukdary dükanlara we ak bazarlara, galan bölegi bolsa Lebap welaýatynyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigine degişli ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberilýär.

2022