Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi täze nyrhnamalary hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi täze nyrhnamalary hödürleýär
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan.

“Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy portunyň üstünden ýük daşamalar bilen bagly täze nyrhnamalary hödürleýär. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi, Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy portunyň üsti bilen galla önümlerini daşamak we konteýner daşamak üçin täze nyrhlaryny yglan etdi.

Şeýle hem “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi”, Astrahan we Mahaçkala portlaryndan galla önümlerini Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr multimodal daşamalar üçin giňişleýin nyrhlary hödürleýär.

Dagystan noýabr aýynda Türkmenistana balyk (kilka), un we aýna gaplary ibermek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Degişli ylalaşyk Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasyna bolan işewürlik saparynyň dowamynda baglaşyldy.

2022