Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 88 göterim ýokarlandy. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow sişenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisiniň barşynda mälim etdi.
Ministriň sosial ulgamda mälim etmegine görä, bu görkeziji soňky iki ýylda 10 esse artan ösüşi aňladýar. “Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumynyň barşynda biz iki ýurduň işewür toparlaryny bu oňyn ösüşi saklamaga we özara maýa goýum taslamalaryna baha bermäge hem-de hyzmatdaşlyga işjeň goşulmaga çagyrdyk” diýip, Mikail Jabbarow belledi.
Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň mejlisiniň barşynda söwda-ykdysady, nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, dokma senagaty, kommunikasiýa we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklary ýaly özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Onuň işine iki ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şol gün şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.