Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň 695 tonna nah ýüplügi eksporta ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň 695 tonna nah ýüplügi eksporta ugradyldy
Türkmenistanyň dokma kärhanalaryndaky nah ýüpligiň önümçilik prosesi.

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen nah ýüplükleriň 695 tonnasy, pul hasabynda bolsa 10 million 101 müň 969 manatlygy eksporta ugradyldy.

Fabrikde şu ýylyň on aýynda nah ýüplükleriň 2 müň 240 tonnasy taýýarlanylyp, 38 million 282 müň 37 manatlyk iş edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän dokma fabrikleri 2022-nji ýylda öndüren nah ýüplükleriniň 91 million 565 müň 679 manatdan gowragyny daşary ýurtlara eksport etdiler

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022