Türkiýäniň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisine 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisine 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar
Türkiýäniň eksport harytlarynyň 9-njy sergisi, 2018-nji ýylyň 15-17-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Şu ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine dürli ugurlarda iş alyp barýan türk kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Batyr Atdaýewiň hasabatyna görä, sergä gatnaşjak kompaniýalar, esasan, senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy, üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýäniň ýurduň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ýurduň eksport harytlarynyň sergisine we işewürlik maslahatyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

2022