2023: Lebaply daýhanlar 50 müň tonna golaý şaly hasylyny ýygnadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Lebaply daýhanlar 50 müň tonna golaý şaly hasylyny ýygnadylar
Şaly meýdany, Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň daýhanlary 2023-nji ýylyň şaly möwsüminde 10 müňden gowrak gektar ýere şaly ekip, 50 müň tonna golaý şaly hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Welaýatyň Çärjew etrabynyň şalyçy daýhanlary ýokary netijeleri gazanyp, olar şu möwsümde 3 müň 80 gektar ýerden 15 müň tonnadan gowrak hasyl aldylar. Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji her gektardan alnan hasylyň 49,25 sentnere barabar bolandygyny aňladýar.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň daýhanlary 2 müň 160 gektar ýerden 10 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar.

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň Köýtendag, Kerki, Darganata, Halaç we Hojambaz etraplarynyň şalyçylary-da şu ýyl oba hojalygyna degişli şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

2022