“Owadan Gämi” hususy kärhanasynyň limon ýyladyşhanasynda her gün 800 kilogramdan 1 tonna çenli limon ýygnalýar.
Hususy kärhananyň limon ýyladyşhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäginde ýerleşip, häzirki wagtda bu ýerde ýetişdirilen limonlary köpçülikleýin ýygnap almak işi dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
“4,5 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhanamyzda limon baglarynyň 8 müňe golaýyna ideg edilip, bol hasyl alynýar” diýip, hususy kärhananyň bölüm müdiri Hudaýberdi Sopyýew aýdýar.
Ýyladyşhananyň işçi-hünärmenleri şu möwsümiň dowamynda limonyň jemi 70-72 tonnasyny ýygnamagy maksat edýärler.
Mundan başga-da, ýyladyşhanada pyrtykal baglaryny ýetişdirmek hem ýola goýlup, häzirki wagtda ýyladyşhanada bu görnüşli baglaryň Türkiýeden getirilen 80 düýp nahaly kadaly ösýär.