Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly hyzmatdaşlyk etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly hyzmatdaşlyk etmekçi
Russiýanyň FESCO ulag kompaniýasy bilen Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 12-nji dekabry, Daşkent, Özbegistan. (Surat: FESCO)

Russiýanyň FESCO ulag kompaniýasy we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň çäginden Türkiýä uzaýan üstaşyr ulag geçelgelerinde bilelikde işleşmegiň şertlerini ylalaşdylar.

FESCO-nyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, degişli ylalaşyk FESCO ulag toparynyň Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilowyň we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanow hem-de Özbegistandaky “Özbegistan demir ýol konteýnerleri” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Akmal Kamalow bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanyldy.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar Özbegistanyň we Russiýanyň arasynda konteýner ýük daşamalaryny ösdürmek, şeýle-de Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa uzaýan täze üstaşyr geçelgelerde hem-de FESCO kompaniýasynyň intermodal hyzmatlaryny ulanmak arkaly Afrika we Ortaýer deňzi sebitindäki ýurtlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar.

FESCO we “Özbegistanyň demir ýollary” Daşkendiň we Moskwanyň arasynda konteýner ýükleri gatnatmagyň göni baglanyşygyny döretmek hakynda hem ylalaşdylar.

FESCO port, demir ýol we utgaşdyrylan logistik işewürligi pudagynda iş alyp barýan Russiýanyň iri ulag-logistika kompaniýalarynyň biridir.

2022